Pakistanda umumy saýlawlar geçiriler

Pakistanda umumy saýlawlar 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň soňky hepdesinde geçiriler. Bu barada ýurduň Saýlaw topary (ECP) 21-nji sentýabrda habar berdi.

Maglumatlaryna görä, okruglary kesgitlemek boýunça soňky sanawlar bu ugurda bolup biljek garşylyklary we teklipleri gözden geçirilenden soň 30-njy noýabrda çap ediler.

“Dawn” gazetiniň belleýşi ýaly, saýlaw topary, 2023-nji ýyldaky soňky sanly ilat ýazuwy baradaky beýanatyndan soň, saýlaw okruglarynyň täze bölünmeginiň zerurdygyna salgylanyp, şu ýyl umumy saýlaw geçirmegi makul bilmändi.

Milli mejlis (parlamentiň aşaky palatasy) 9-njy awgustda Prezident Arif Alwi tarapyndan işden gidýän Premýer-ministr Şahbaz Şerifiň iberen habarnamasyny tassyklandan soň dargadyldy. Wezipesinden çekilýän Ministrler Kabinetiň agzalarynyň ýerine bolsa, täzesi döredilmeli.

12-nji awgustda Bulujystan welaýatyndan senatory Anwaar-ul-Hak Kakar Pakistanyň Premýer-ministri wezipesine bellendi. Ony bellemek karary Şerif bilen oppozisiýa lideri Raja Riazyň arasynda geçirilen maslahatlardan soň kabul edildi.

Mejlisiň aşaky palatasynyň bäş ýyllyk möhleti 12-nji awgustda tamamlanmalydy. Pakistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda umumy saýlawlar aşaky palatanyň dargadylmagyndan 60 günüň içinde, möhletinden öň dargadylan halatynda – 90 günüň içinde geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Transparency International: Türkmenistan Merkezi Aziýanyň “iň korrumpirlenen” ýurdy
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary Saraýewoda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny utdy
Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Ýuriý Gagariniň mirasyndan türkmen kosmonawtynyň geljegine çenli
Balkan welaýatynda ussat suratkeş Amangeldi Hydyrowyň şahsy döredijilik sergisi guraldy