Pakistanda we Owganystanda adam pidalaryna getiren ýer yranmasy Türkmenistanda hem duýuldy

Pakistanda we Owganystanda adam pidalaryna getiren ýer yranmasy Türkmenistanda hem duýuldy

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa merkezi 21-nji martda Owganystanda 6,5 magnitýudly ýer yranmasynyň bolandygyny habar berdi. Metbugat habarlarynda ikinji gün Pakistanda we Owganystanda bolan ýer yranmasynda adam pidalarynyň hem bolandygy, azyndan 13 adamyň ölendigi habar berildi. Azatlygyň ýerli habarçylary sarsgynyň Aşgabatda, Türkmenabatda hem "güýçli" duýlandygyny habar berdiler.

“Adamlar öýlerinden we iş jaýlaryndan gaçyp çykdylar, sarsgyn uzakdaky obalarda-da adamlary dowla saldy, Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa sebitinde azyndan dokuz adam ýogaldy, 100-den gowrak adam hassahana ýerleşdirildi diýip, cbc.ca/news neşiri pakistan resmilerine salgylanyp habar berdi.

Ýer titremesi Türkmenistanda-da duýuldy, emma türkmen döwlet habarlary tebigy hadysalar, şol sanda ýol-köçe hadysalary barada hem ilata habar bermeýär.

Emma hökümetçi “Türkmenportal” neşiri, beýleki habar serişdelerine salgylanyp, Owganystanda güýçli ýertitremesiniň bolandygyny habar berdi.

“Ýer yranmasynyň merkezi ýurduň Gunduz şäherinden gündogarda, 195 kilometrlikde hasaba alyndy, onuň ojagy 194 kilometr çuňlukda ýerleşdi” diýip, habarda bellenýär. Şeýle-de neşir, “Roýters” habar gullugynasalgylanyp, ýerasty sarsgynlaryň Pakistanda, Hindistanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Özbegistanda duýlandygyny aýdýar.

Mundan başga, “Türkmenportal” "MIR 24" neşirine salgylanyp, Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa sebitinde iki adamyň, Owganystanyň gündogaryndaky Lagman sebitinde iki adamyň pida bolandygyny habar berýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, sagat 21:40 töwereginde bolan ýer titremesi paýtagtda hem “gowy duýuldy”.

Onuň sözlerine görä, Aşgabadyň ýokary kysymlaryndaky elitka jaýlarynda sarsgyn güýçli duýuldy, adamlar daň atýança öýlerine girmän, gijäni daşarda geçirdiler.

“Bizde sarsyn 10 sekunt dowam etdi” diýip, habarçy ýazdy.

“Men tanyşlarymdan soradym, olar hem 21:40 töwereginde bolan ýer yranmasyny duýupdyr, men şol wagt sagada sertmändirin. Käbir adamlaryň başlary aýlanyp, gulaklary şaňlapdyr” diýip, ol aýtdy.

Lebapdaky habarçymyz hem 21-nji martda, sagat 21:40 töwereginde ýeriň sarsandygyny tassyk etdi. “Türkmenabatda ýer yrandy, güýçli sarsgyn boldy, ýöne bir gezek sarsdy” diýip, habarçy ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy
Türkmenbaşyda bolan ýer sarsgyny ilat arasynda dowul döretdi
Owgan türkmenleriniň 'Arbaki' toparlary Gunduzda hüjüme geçdi
ABŞ Owganystanda medresä guralan hüjüm barada heniz resmi beýanat bermedi
Owgan türkmenleri söweşler zerarly Türkmenistan bilen serhetdäki obalaryny terk edýärler