Palestinada Çagalaryň Ölmeginiň Öňi Alynmaly

Palestinada Çagalaryň Ölmeginiň Öňi Alynmaly

ÝUNİSEF-iň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrikadan jogapkär Direktory Adele Kodriň beren beýannamasyda ÝUNİSEF-iň X sosial media hasabynda neşir edildi.

Kodr Ysraýylyň soňky 72 sagatda Günbatar Şerianyň Tulkerim şäherinde 3, Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherinde bolsa azyndan 14 çagany öldürendigini beýan etdi.

Palestinadaky çagalaryň uzak wagtdan bäri tragiki we dar basyş öwrüminiň içinde gysylyp galandygyny beýan eden Kord, Palestinadaky çaga ölümleriniň we hüjümleriň bes edilmelidigini nygtady.

Ysraýylyň goşun radiosy 18-nji aprelde Günbatar Şerianyň demirgazgynda ýerleşýän Tulkerim şäherinde Nur Şems bosgun düşelgesine “giň gerimli harby operasiýa” başladandygyny habar beripdi.

Ysraýylyň esgerlerinin Nur Şems bosgun düşelgesine guran hüjümlerinde 14 palestinalynyň ýogalandygy beýan edilipdi.

Şaýatlar Ysraýylyň goşunynyň düýn agşam ara bosgun düşelgesine guran hüjüminiň bes edilendigini we sebitden çekilendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi
Türkiye Ysraýylyň manipulýasiýa etmek bilen bagly tagallalaryna üns bermezlik barada duýduryş berdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Bu Tragediýadan Netije Çykarmasak Bu Soňky Gaza Urşy Bolmaz
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär