Pandemiýa sebäpli Tokio Olimpiýa oýunlaryny yza süýşürmeklik üçin 1,9 milliard dollar sarp edildi

Pandemiýa sebäpli Tokio Olimpiýa oýunlaryny yza süýşürmeklik üçin 1,9 milliard dollar sarp edildi

Ýaponiýa koronawirus epidemiýasy sebäpli Tokio 2020 olimpiýa oýunlaryny bir ýyl yza süýşürmeklik üçin 1,9 milliard dollar sarp etdi.

Yomiuri Shimbun gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa Tokio 2020 olimpiýa oýunlary üçin pandemiýadan öň 13 milliard dollar sarp edipdir, COVID-19 ýokanç keseli sebäpli bu sport ýaryşyny yza süýşürmeklik kararynyň esasynda bolsa, goşmaça 1,9 milliard dollar çykdajy edipdir.

Şu ýylyň mart aýynda Halkara Olimpiýa komiteti bilen Ýaponiýanyň hökümeti koronawirus epidemiýasynyň bütin dünýäde çalt ýaýramagy sebäpli Tokio 2020 olimpiýa oýunlaryny bir ýyl yza süýşürmeli boldy.

Bu sport ýaryşy üçin ozal hasaplanan goşmaça çykdajy 2,8 milliard dollardy, ýöne käbir tygşytlylyk kararlary bilen bu çykdajy 1,9 milliard dollara çenli azaldy. Alnan tygşytlylyk kararlarynyň arasynda açylyş dabarasynyň ýatyrylmagy hem bar.

2021-nji ýylyň tomsunda hem koronawirus epidemiýasynyň dowam etjekdigi barada şübheler dowam edýärkä, Tokio Olimpiýa Guramaçylyk Komiteti bilen Halkara olimpiýa komiteti bu çäräniň howpsuz geçirilip bilinjekdigini öňe sürýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly türgenler adaty karate boýunça Polşada geçirilen halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň gaýtadan saýlanylan Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi
Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy
Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri bilen duşuşdy
Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy