Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

18-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: Dialog — parahatçylygyň kepili atly tema bagyşlanylyp, onda ýarym final tapgyryndan üstünlikli geçen sekiz sany okuwçy özara bäsleşdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen final oýnunyň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow baş baýraga we göçme kuboga mynasyp boldy. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew dagy hem aýgytlaýjy oýunda mynasyp gatnaşyp, tapawutlanmagy başardylar.

Final oýnundan soň Halkara gatnaşyklary institutynda ýörite dabara guralyp, onuň çäklerinde ýeňijiler, şeýle-de ähli gatnaşyjylar hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, degişli şahadatnamalar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Ýene degişli makalalar

Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Magtymguly ýylynyň nyşany we 10$. Türkmenistan uruş weteranlaryny 'sylaglady'
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady