“Parasosial” sözi 2025-nji ýylyň sözi boldy

Kembrij iňlis sözlügi “parasosial” sypatyny 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy.Kembrij sözlüginiň web sahypasynda bu sözüň manysy düşündirilýär.Sözüň manysy adamyň meşhur şahs, edebiýat ýa-da kino gahrymany ýa-da emeli aň bilen duýýan özara baglanyşygyny beýan edýär. “Parasosial gatnaşyk” artist bilen janköýeriň arasyndaky gatnaşyk, “parasosial hasrat” – meşhur adamyň ölüminden soň dörän gynanç duýgusy ýaly ýagdaýlar muňa mysal bolup biler.

“Parasosial” sözi Kembrij iňlis sözlügine 2023-nji ýylda goşuldy. Bu sözlügiň taryhynda ýylyň sözi diýlip atlandyrylan ikinji sypatdyr. Birinjisi 2016-njy ýylda “paranoidal” (paranoid) bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Kosmosda Gün paneli gurlar
Alymlar: sagdyn bolmak üçin uly ýaşdaky adamlar 7 sagat uklamaly
Naharyň tagamyny bilýän robot
Kadaly uky näçe sagat bolmaly?
Gartaşan adamlara näçe wagtlyk ukynyň gerekdigi belli edildi
Ýamaýkanyň häkimiýetleri ýurdy Respublika diýip yglan etmekçi