Pariždäki forumda Türkmenistanyň global maýlamanyň geljegine täsiri öwrenilýär

Pariždäki forumda Türkmenistanyň global maýlamanyň geljegine täsiri öwrenilýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde türkmenistanyň energetika senagatyna maýadarlary çekmäge bagyşlanan halkara forum öz işine başlady.

Halkara çäre Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy, Türkmen Forum hojalyk jemgyýeti hem-de Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasy tarapyndan guralýar.

Halkara forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrgeldi Begliýew döwlet Baştutanynyň bu foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.

Foruma 300-e golaý wekil gatnaşýar. Olar dünýäniň meşhur energiýa kompaniýalarynyň wekilleridir. Çünki kompaniýalar tarapyndan Türkmenistanyň bu geçirýän forumyna gyzyklanma diýseň uly.

Forumyň ilkinji gününde üç mejlis geçirilýär. Olarda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilýär. Hususan-da, global maýlamanyň geljeginde Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan mejlis has täsirli boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidenti oba hojalygy, nebit we gaz boýunça geňeşçilerini wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Türkmenistanyň halkara nebitgaz forumy Parižde öz işine başlady
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal