Parižde Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Parižde Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy ýerli kompaniýalaryň ikisiniň Airbus we THALES SIX GTS France SAS kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistana kosmos ulgamy boýunça hyzmatlaryny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen bu kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Elbetde, bu taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de tejribeleri alyşmakda möhüm ädime öwrüler.

Fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki Türkmenistanda kosmos ugrunyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär. Bu hakykat Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde guralan duşuşyklarda hem aýdyň şöhlelendi.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenaragatnaşyk”, “Thales” we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Fransiýa Ysraýyla garşy sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini mälim etdi
Fransiýa sapar eder
О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar