“Türkmenaragatnaşyk”, “Thales” we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

“Türkmenaragatnaşyk”, “Thales” we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçylary çarşenbe güni Parižde geçirilýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF 2024) çäklerinde Fransiýanyň “Thales SIX GTS France SAS” we “Airbus” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen aýratynlykda duşuşyklary geçirdiler. Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar kosmos ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň habar bermegine görä, taraplar kiberhowpsuzlyk we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ösen tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we kosmos boýunça ylmy-barlag işlerini öňe sürmäge taýýardygy bellenildi.

“Thales SIX GTS France” kompaniýasy kiberhowpsuzlyk we aragatnaşyk ulgamlary boýunça Ýewropada we dünýäde birinji orunda durýar. “Airbus” kompaniýasy bolsa dünýäde iň uly uçar öndürijileriň biri bolup durýar. Bu kompaniýa ýolagçy, ýük we harby ulag uçarlaryny öndürýär.

Ýene degişli makalalar

О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi
“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalara gol çekildi
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar