“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi

Aşgabat şäherinde geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň "Türkmentel- 2023" atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň birinji gününiň ahyrynda ýagny, penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, gol çekilen resminamalaryň hatarynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda; "ELINC China Co., Ltd" kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda; Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalar bar.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde "Türkmen hemrasy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň "Thales Alenia Space France SAS" hem-de "Eutelsat" kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Forumyň ikinji gününde aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary, ykdysadyýetde sanly goşundylar we hyzmatlar, sanly öwrülişik hem-de sanly jemgyýeti ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek hem göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalara gol çekildi
О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar