“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalara gol çekildi

Aşgabat şäherinde geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň birinji gününde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalary baglaşdy.

Has takygy, forumyň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “ELINC China Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; şeýle hem “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Fransiýanyň “Thales Alenia Space France SAS” hem-de “Eutelsat” kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Forumyň jemleýji gününde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi, degişli güwänamalar gowşuruldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň web saýtynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar