Parlamentara forum hyzmatdaşlygyň täze ugry

Dünýä ýurtlary we abraýly guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde 12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi.Bu taryhy waka ýurdumyzyň daşary syýasatda gazanan oňyn tejribesiniň nobatdaky ykrarnamasy boldy.

Bu forum sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmekde, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda parlamentara gatnaşyklaryň ornuna aýratyn ähmiýet bermekde, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen derwaýys çözgütleriň kabul edilmeginde giň mümkinçiliklere eýe boldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyz sebitde we dünýäde adamzadyň asuda, abadan ýaşamagy üçin parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly syýasat alnyp barylýar.

Türkmenistan Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly goldamak bilen, bu maksatlara goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileriniň ýerine ýetirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, sazlaşykly alnyp barylýar.

Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, şähergurluşyk işlerinde we beýleki durmuş ulgamlarynda ekologiýanyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini ilkinji borç edip goýýar.

Paýtagtymyzda Merkezi Aziýa Russiýa görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilen iri halkara çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň Dialogy üstünliklere beslendi. Forumyň işi boýunça guralan plenar mejlislerde aýry-aýry ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek, geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyz ähli ugurlarda okgunly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, Merkezi Aziýanyň çägindäki döwletleriň, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de halklaryň abadançylygyna gönükdirilendir.

Maslahatda häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän tebigy ýagdaýlar, ýagny howanyň üýtgemeginiň meseleleri, çölleşmä garşy göreşmek, suw serişdelerini tygşytlamak, serhetüsti akýan suwlary we halkara kölleri goramak we olardan rejeli peýdalanmak, biodürlüligi goramak, suw-batgalyk ýerler we ol ýerlerde ýaşaýan haýwanlary goramak, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny goramak ýaly meselelere garaldy.

Sebitde, şeýle hem dünýäde häzirki zamanyň ählumumy wehimlerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmekde deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda parlamentara aragatnaşyklaryň barha artýan ornuna ähmiýet bermek göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa Russiýa diýen täze görnüşini Aşgabat görnüşini yglan etmek hem-de Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde onuň ştab-kwartiraly Sekretariatyny döretmek baradaky teklipleri goldaýarys diýlip bellenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň Aşgabat görnüşi döredildi.

Parlamentara forumyň geçýän döwründe üstünlikli geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň Dialogynyň dowamynda gender syýasaty, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zenanlaryň eýeleýän orny babatdaky meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy.

Dialog zenanlar üçin ýokary derejeli syýasy binýat bolup hyzmat eder.Geçen ýyllarda hem şu maksat bilen, durnukly ösüş, zenanlaryň syýasy işi, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde eýeleýän orny, olaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça birnäçe çäreler geçirildi.

Munuň özi Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Dialog parahatçylygyň kepili diýlip atlandyrylan täze filosofiýanyň aýdyň beýanydyr.

Şeýle hem forumda Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň Hormatly aksakgal altyn ordenine, Azerbaýjan dünýäsi halkara žurnaly tarapyndan Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin milli baýraga hem-de Ulu türk altyn ordenine, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolmagy ählimizi buýsandyrdy.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen, hyzmatdaşlygyň Aşgabat görnüşi diýlip atlandyrylan bu meýdançanyň parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ony pugtalandyrmak we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin täsirli gural hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady.

Sähra BAÝRAMOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Putin älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garşydyklaryny aýtdy
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça C5+1 görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi
Arkadag şäherinde Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede atly halkara Dialog geçirildi