Pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

Pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

20-nji aprelde Eýranyň Medeniýet merkezi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI bilelikde pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi.

Dabara Sagdy Şirazynyň pars we türkmen dillerindäki bir kasydasyny beýan edýän kompozisiýa bilen açyldy. Çäräniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI rektory we EYR-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli çykyş etdi.

Dabaranyň dowamynda Saadi barada wideoşekiller görkezilip, onuň gazallaryndan döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýazyjynyň Gülüstan eserinden hekaýat okaldy.

Mundan başga-da çäräniň barşynda Türkmençe parsça gepleşik sözlügi atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy, Saadynyň we Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, dürli ýyllarda neşir edilen sözlükleriň sergisi hem boldy.

Çykyş edenlere dabaranyň ahyrynda guramaçylaryň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Çärä gatnaşan myhmanlara ýurduň milli tagamlary hödür edildi.

Ýene degişli makalalar

Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Tähranda Serdar Berdimuhamedowy resmi garşylamak dabarasy geçirildi
26 futbolçynyň deň ýarysy bir klubdan ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy mälim edildi
Prezident Erdogan Liwanyň ozalky Premýer ministri Haririni kabul etdi
Türkmenistan we Katar hyzmatdaşlygy ösdürýär