Parzižde geçirilen görkezilişde türkmen moda egin-eşik toplumlary tanyşdyryldy, futbol boýunça dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama çempionatynyň bije çekişliginiň geçiriljek senesi mälim edildi we beýleki habarlar

Parzižde geçirilen görkezilişde türkmen moda egin-eşik toplumlary tanyşdyryldy, futbol boýunça dünýä çempionaty  2026-nyň saýlama çempionatynyň bije çekişliginiň geçiriljek senesi mälim edildi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Parižde halkara feşn-şou dabarasy geçirildi we onda ýokary derejeli modanyň türkmen nusgalary görkezildi. Gündogar modasynyň ýewropaly muşdaklary Sennur modalar öýüni esaslandyryjy we modelýer Ogulmaral Sähetnyýazowanyň işlerine ýokary baha berdiler. Türkmen milli bezeg aýratynlyklary bilen utgaşdyrylyp, etniki-romantiki stilde taýýarlanan nusgalar milli lybaslaryň däplerini we döwrebap moda meýillerini ussatlyk bilen özünde jemleýändigi üçin tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

2. Merkezi Aziýadaky Go Viral jemgyýeti işewürlik, media, medeniýet we tehnologiýalar ulgamlarynyň bilermenlerini hem-de işjeň agzalaryny iki günlük Go Viral Ashgabat 2023 festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar. Çäre 28-29-njy iýul aralygynda Arçabil myhmanhanasynda geçiriler. Festiwala gatnaşmak üçin hasaba alynmak 21-nji iýula çenli mümkindir.

3. Russiýanyň Kurgan oblastyna Türkmenistandan 17,4 tonna saryja goýnuň we bagananyň arassalanan güýzlük ýüňi gelip gowuşdy. Ýüň soňlugy bilen Kurgan kärhanalaryndan Iwanow oblastyna iberiler we bu ýerde ýorgan önümçiliginde peýdalanylar.

4. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary Türkmenistanyň köptaraply tebigatyny şöhlelendirýär. Onuň binasy orta asyr galasyny ýatladýar. Muzeýde bäş sany özboluşly bölüm döredildi: Garaşsyzlyk, etnografiýa, sungat, arheologiýa we tebigat. Bölümiň dioramalarynyň birinde içinden kükürtwodorodly çeşme akyp geçýän Köw ata gowagyny synlamak bolýar.

Dünýäde

5. Beýik Britaniýanyň Kornoull graflygynda ülje festiwaly geçirilmelidi, emma bu ýyl ony goýbolsun etmeli boldy. Çäräniň ýatyrylmagyna guşlaryň ähli üljeleri çokup çykmaklary sebäp boldy. Ornitologlar bu ir-iýmiş söýüjileriň jokjoky guşlarydygyny kesgitlediler, olara baglarda ýekeje ülje-de galdyrmazlyk üçin bir gün ýeterlik bolupdyr. Emma guşlary günäkärläp durmadylar, ýerli habar beriş serişdeleri olary hatda eýjejik guşlar diýibem atlandyrdy.

6. Hytaý taryhynda ilkinji gezek awtoulaglaryň eksporty boýunça rekord goýdy, ol bu görkezijide awtoulag tehnikalarynyň eksporty boýunça öňdebaryjy Ýaponiýa, Germaniýa we Koreýa ýaly ýurtlardan hem öňe geçdi. Diňe şu ýylyň ilkinji üç aýynda Hytaý 1 milliondan gowrak awtoulagy eksport etdi.

Sport habarlary

7. Halkara Tennis federasiýasy (ITF) Balkara Olimpiýa komiteti bilen bilelikde Türkmenistan üçin ýurduň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň PRO Level derejesinde bilim almagy üçin ýer bölüp berdiler. Ol bu okuwdan üstünlikli geçen ýagdaýynda, Türkmenistanda ilkinji bolup dünýäniň islendik ýurdunyň professional oýunçylary bilen işleşmäge mümkinçilik berýän PRO Level güwänamasyny alar.

8.Dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama çempionatynyň bije çekişligi 27-nji iýulda AFK-nyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçiriler.Türkmenistanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-nyň saýlama çempionatynyň ikinji tapgyrynda çykyş edip başlar.

Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça dokuz toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelän toparlar dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama çempionatynyň üçünji tapgyrynda güýç synanyşmagy dowam etdirerler we şol bir wagtyň özünde, Aziýanyň Kubogy 2027-nji final tapgyryna çykmaga hukuk gazanarlar.

9.Merw toparynyň ýarymgoragçysy Abdyrahmanow karýerasyny Ahalda dowam etdirer. 33 ýaşly Abdyrahmanow Merwiň düzüminde 2022-nji ýylyň martyndan bäri çykyş edip gelýärdi we oňa iki ýyl Nebitçide çykyş edensoň geçipdi.

Geçen möwsümde Alibek Merwa futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medal gazanmaga ýardam edipdi. Şeýle-de ýarymgoragçy geçen möwsümiň iň öňde 22 futbolçysynyň sanawyna goşuldy we 21 duşuşyga gatnaşyp, Ýokary liganyň ikinji iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy.

Türkmenistanyň çempiony hökmünde Ahalyň 18-nji sentýabrdan 13-nji dekabra çenli aralykda geçiriljek AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji möwsüminiň toparlaýyn tapgyr ýaryşyna gatnaşjakdygyny hem bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Angliýada geometriki elektrik stansiýasy işläp başlar
Merkeliň Beýik Britaniýa soňky sapary
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy
Garyp ýurtlara ekologiýa abadançylygy üçin 100 milliard dollar bölünip berler
BSG: sanjymlara deňhukukly ýeterlilik pandemiýany ýeňmäge ýardam eder