Patyşalyk poçtasy “The Rolling Stones” toparyna bagyşlanan marka çykarmakçy

Patyşalyk poçtasy “The Rolling Stones” toparyna bagyşlanan marka çykarmakçy

Beýik Britaniýanyň Korollyk poçtasy (Royal Mail) The Rolling Stones rok toparynyň döredijiligini 12 sany poçta markasy bilen hatyralamakçy, bu barada edaranyň ýaýradan habarynda aýdylýar. Markalar 20-nji ýanwarda satuwa çykar.

Markalaryň sekizisinde toparyň has görnükli agzalary şekillendiriler, olar şu ýyl toparyň döredilmeginiň 60 ýyllygyny baýram edýärler.

Toparyň agzalary Mik Jaggeriň, Kit Riçardsyň we Ronni Wuduň poçta markalary üçin şekilleri saýlamaga gatnaşandygy habar berilýär. Britaniýanyň Korollyk poçtasy öňem ýurduň belli aýdym-saz toparlaryny hatyralap, markalary çap edipdi, olar The Beatles, Pink Floyd we Queen toparlarydyr.

Ýene degişli makalalar

Öñki “ygtybarsyz hyzmatdaş”. Russiýa Türkmenistany gaz oýunlaryna iterýär, bu Aşgabat üçin amatlymy?
Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämisi
Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämisi
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak teklip edildi
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Türkmenistanly ýaş türgenler Aziýanyň çagalary atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşarlar