Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak teklip edildi

Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak teklip edildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda ilçi A.Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil Koroli Kolçar bilen duşuşdy.

27-nji fewralda bolan duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini we ýakyn geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy.

Taraplar iki ýurduň arasynda parlamentar derejesinde özara oňyn gatnaşyklaryň bardygyny bellediler. Şu nukdaýnazardan syýasy-diplomatik, ýangyç-energiýa, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ünsi parlamentara gepleşikleri güýçlendirmegiň zerurlygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda 2017-nji ýylda döredeilen türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ähmiýetine ünsi çeken taraplar, ýakyn wagtda türkmen-rumyn dostluk toparynyň milli topar düzümini alşyp, toparyň indiki duşuşygyny Aşgabat şäherinde şu ýylyň aprel ýa-da iýun aýynyň ikinji ongünlüginde guramak mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.

Türkmen tarapy şahyr-filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleriniň ýurtda we daşary ýurtlarda alnyp barylýandygyny habar berdi. Şu nukdaýnazardan Rumyniýada türkmen şahyr-filosofy Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak teklip edildi.

Taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek baradada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda halkara ulag forumynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Öñki “ygtybarsyz hyzmatdaş”. Russiýa Türkmenistany gaz oýunlaryna iterýär, bu Aşgabat üçin amatlymy?
Türkmenistanly ýaş türgenler Aziýanyň çagalary atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşarlar
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Italiýaly meşhur kino ýyldyzy aradan çykdy