Paýtagtymyzyň aragatnaşyk ulgamynda täze tehnologiýalar özleşdirilýär

Paýtagtymyzyň aragatnaşyk ulgamynda täze tehnologiýalar özleşdirilýär

Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-ti tarapyndan müşderilere amala aşyrylýan hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täze, häzirki zaman tehnologiýalary özleşdirýär.Paýtagtymyzyň Parahat -7/3 ýaşaýyş toplumynda gurnalyp işe girizilen GPON (Gigabit Passive Optical Network) FTTH taslamasy, her bir müşderiniň öýüne çenli optiki kabeli çekmilmegini üpjün etdi.

Netijede adaty mis kabellerde ýüze çykýan elektromagnit päsgelçilikler aradan aýrylyp, geçirilýän signallaryň hil derejesiniň has ýokarlanmagy gazanyldy.

Häzirki wagtda, ýene-de 5 000 nokatlyk GPON usully optiki aragatnaşyk ulgamy üçin enjamlar toplumyny getirmek barada Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-ti we daşary ýurt önüm öndüriji bilen şertnama baglaşmagyň üstünde işler geçirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek. GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek dünýä telekommunikasiýa ulgamynda iri aragatnaşyk operatorlar tarapyndan häzirki wagtda iň bir giňden üns berilýän tilsimatlaryň biri bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça geljek ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar