“Penje Gulp” Operasiýasynda Ýene-de Bir Esger Şehit Boldy.

“Penje Gulp” Operasiýasynda Ýene-de Bir Esger Şehit Boldy.

Yragyň demirgazygynda guralýan “Penje Gulp” operasiýasynda, terrorçylar bilen bolan çaknyşykda esger Furkan Gök şehit boldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, esger Göküň “Penje Gulp” operasiýasynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanandygy we hassahanada bejergi astyna alynandygy emma halas edilip bilinmändigi we şehit bolandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Yragyň demirgazygynda guralýan “Penje Gulp” operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 42-ä ýetdi.

Yragyň demirgazygynda Metina, Zap we Awaşin-Basýan etrapçalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 18-nji aprelde başlan “Penje Gulp” üstünlikli dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
22-nji martda anna güni Russiýada terrorçylykly hüjüm guraldy