Peruda syýahatçylary daşaýan uçar heläkçilige uçrady

Peruda syýahatçylary daşaýan uçar heläkçilige uçrady

Perunyň Naska şäheriniň golaýyndaky meýdanda syýahatçylary daşaýan uçar heläkçilige uçrady. Ýerli resmiler heläkçilikde 13 adamyň ölendigini habar berdiler.

Polisiýanyň maýory Horhe Andrade şenbe güni ýurduň günortasyndaky heläkçilik bolan ýerde žurnalistlere: "Bizde bar bolan maglumatlara görä, wakada 11 ýolagçy we iki ekipaž agzasy öldi" diýip aýan etdi.

Nazkanyň şäher häkimligi uçaryň golaýdaky Ika şäherinden uçandygyny we Perunyň “Aerodiana” kärhanasy tarapyndan dolandyrylýandygyny beýan etdi.

Kärhananyň web sahypasynda soňky 14 ýylyň dowamynda “Cessna Grand Caravan” kysymly uçary ulanyp, Nazka liniýalary arkaly syýahatçylyk uçuşlaryny amala aşyrýandygy aýdylýar.

Perunyň resmileri heläkçilik boýunça derňewiň başlandygyny habar berdiler. “Aerodiana” kärhanasy heniz bu mesele boýunça hiç hili düşündiriş bermedi.

Ýene degişli makalalar

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
NASA ýarym asyrdan soň ilkinji gezek astronawtlary Aýa ugratdy
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy ýaşlar dünýä çempionatynda kümüş we bürünç medal gazandy
Türkmenistanly agyr atletikaçy gyz dünýä birinjiliginde yzly-yzyna ikinji gezek altyn medala mynasyp boldy
Italiýanyň sekiz şäheri howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli "gyzyl" howp derejesine çykaryldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Kolumbiýada ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda çykyş edýärler