Italiýanyň sekiz şäheri howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli "gyzyl" howp derejesine çykaryldy

Italiýanyň sekiz şäheri howanyň aşa yssy bolmagy sebäpli "gyzyl" howp derejesine çykaryldy

Italiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi Afrikadan gelýän yssy howanyň şu hepdäniň ahyrynda köp şähere täsir ýetirmegine garaşylýandygyny we sekiz şäher üçin: Bolonýa, Bolzano, Breşiýa, Florensiýa, Milan, Peruja, Rieti we Turin üçin "gyzyl" duýduryş bilen iň ýokary töwekgelçilik derejesiniň yglan edendigini mälim etdi.

Paýtagt Rim üçin ertirki gün üçin ikinji iň ýokary howp derejesi bolan "mämişi" duýduryşy yglan edildi.

Saglygy goraýyş ministrligi öz web sahypasynda gün şöhlesinden goranmak üçin birnäçe duýduryş we seresaplylyk çärelerini teklip etdi we adamlary yssydan goranmak üçin sagat 11:00 bilen 18:00 aralygynda daşary çykmazlyk barada çagygyş berdi.

Beýleki tarapdan ýurduň demirgazygynda ýerleşýän we ertir üçin "gyzyl" duýduryş yglan edilen şäherleriň biri bolan Milanda, şäheriň merkezindäki Duomo katedralynyň öňünde gezelenç edýän syýahatçylaryň gün şöhlesinden goranmak üçin saýawan we kiçi ýelpiji göterendikleri, şeýle hem sowamak üçin fontanlaryň öňünde nobata durandyklary görüldi.

Ýene degişli makalalar

Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
Ýuwentusyň täze baş tälimçisi Tiagu Motta boldy
“Ýuwentus” 2 futbolçyny düzümine goşdy
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Soňky 10 oýunda 1 gezek ýeňdi
“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi