“Ýuwentus” 2 futbolçyny düzümine goşdy

“Ýuwentus” 2 futbolçyny düzümine goşdy

Italiýanyň “Ýuwentus” topary gyşky transfer möwsüminiň soňky günlerinde 2 futbolçyny düzümine goşdy.Turinliler ilki Fransiýanyň “Nissa” toparyndan kot-d’Iwuarly ýarymgoragçy Žeremi Bogany möwsümiň ahyryna çenli kärendesine transfer etdi. 29 ýaşyndaky oýunçy ozal “Serie A”-da “Sassuolo” hem-de “Atalanta” klublarynda oýnapdy. Şeýle-de, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň başga bir topary “Bolonýadan” şwesiýaly 25 ýaşyndaky goragçy Emil Holmy hem möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. “Ýuwentus” Holmy tomusda 15+3 million ýewro ymykly düzümine hem goşup biler. “Ýuwentus” topary portugaliýaly ýarymgoragçysy Žoao Mariony-da möwsümiň ahyryna çenli “Bolonýa” toparyna kärendesine ugratdy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Özbegistanda Üsgülewük Siroby Sebäpli 18 Çaga Ýogaldy
“The Best FIFA Awards 2025”-iň ýeňijileri mälim edildi
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar