Peskow ABŞ-nyň Beýanatyny Meçew Beriji Maglumatlar Kampaniýasy Hökmünde Häsýetlendirdi

Peskow ABŞ-nyň Beýanatyny Meçew Beriji Maglumatlar Kampaniýasy Hökmünde Häsýetlendirdi

Peskow ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Russiýanyň 16-njy fewralda Ukraina hüjüm etjekdigi hakyndaky beýanatyny analiz edip; “Hakykatdan hem bütin dünýä bu sebäpli aladaly. Ol, Ýewropada dartgynlygy artdyrmak we oňa meçew bermek boýunça görülip eşidilmedik maglumatlar kampaniýasyndan başga zat däl” diýdi.

ABŞ-nyň Russiýa bilen howpsuzlyk boýunça adalalaryny ara alyp maslahatlaşma işlegini beýan eden halatynda Ýewropadaky şertleriň has asuda boljakdygyna ünsi çeken Peskow, günäkärlemeler, diplomatlary ýurtdan çykarmak, ilçihanalardaky enjamlary ýok edendiklerini yglan etmek, telefon kabellerini kesmek ýaly hereketleriň hiç zada esaslanmaýan aksiýa üçin edilen “histeriýadygyny” beýan etdi.

Russiýada harby bölümlerin türgenleşiklerini gutarandan soň hemişelik ýerlerine dolanyp barandygyny habar berendiklerini ýatladan Peskow, esgerleriň günbatar we günorta sebitlerden yza dolanmagynyň şundan ybaratdygyny, onuň täzelik däldigini nygtady.

Russiýanyň öz territoriýasynda harby türgenleşikler geçirmäge dowam etjekdigini aýdan Peskow; “Russiýa territoriýasynyň islendik ýerinde türgenleşikler geçirdi we geçirmäge dowam eder. Ol, biziň territoriýamyzda kesgitlän ýerlerimizde türgenleşik geçirme hukugymyzdyr, hiç kim bilen diskussiýa edilmäge degişli däl” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada ministriň orunbasary göz tussaglygyna alyndy
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Russiýada Goranmak ministriniň orunbasary derňew tapgyrynda tussaglykda saklanar
Peskow: "ABŞ ünsleri sowmaga synanyşýar" diýdi
Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi
Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi
Eýranyň Prezidenti 7-nji dekabrda Russiýa barar