Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi

Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň döwlet Baştutanynyň 2024-nji ýylda geçjek saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi, ol bu barada Watan gahrymanlarynyň Kremlde geçen sylaglanyş dabarasynda resmi däl ýagdaýda, däp bolşy ýaly, myhmanlar bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, MIR 24 ýazýar.

2024-nji ýylda Siz Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçimi? diýen sowal bilen Putine soňky ýyllaryň dowamynda az ýüzlenmediler. Russiýanyň döwlet Baştutany bir gezek şeýle äheňde jogap berdi: 2024-nji ýylda ýa-da ondan soňra näme bolar, muňa wagty gelende seretmek gerek. Häzir bolsa her kimiň öz ornunda keramatly Fransisk ýaly dartgynly işlemeginiň wagty.

Wladimir Putine ýene saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga Konstitusiýa girizilen düzedişleriň güýje girmegi hukuk berdi. Ýagny 2020-nji ýylyň tomsunda bütinrussiýa ses berlişigiň barşynda saýlaw uçastoklaryna gelen russiýalylaryň 78 göterime golaýy ýurduň esasy Kanunyna girizilen üýtgetmeleri goldady.

Resminama laýyklykda, şol bir adamyň bu wezipäni iki gezekden artyk eýelemäge hukugy ýok, emma bu çäklendirmeler Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler güýje girmezden öň döwlet Baştutany wezipesini eýeleýän adama degişli däl.

Geçen noýabryň ahyrynda ýurtda geçirilen telefon arkaly pikir soralyşykda Wladimir Putine russiýalylaryň 78,6 göteriminiň ynanýandygy belli boldy.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşi şu hepdäniň penşenbe güni ýurduň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçiriljek möhletini belledi. Saýlawlar Merkezi saýlaw komissiýasynyň kararyna laýyklykda, 15-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçer.

RF-nyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriýa Peskow Putiniň saýlawlara gatnaşmakçydygy barada habara dünýä ähmiýetli waka hökmünde baha berdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Putin Baýdeniň Paýyş Sözleri Hakynda Beýannama Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Ermenistan Rus Serhetçilerini Ýurtdan Çykarar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny