Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Ministr Fidan: Gazadaky söweşi duruzmak üçin taryhy jogapkärçiligimiz bar" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Gaza bilen bagly geçirilen maslahatda: "Gazada we ondan daşaryda dowam edýän söweş, ne parahatçylyk ne de kaýyllyk getirip biler. Gazadaky söweşi duruzmak üçin taryhy jogapkärçiligimiz bar" diýendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: "TBMM Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklady" söz başyly habarynda, Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly teklip TBMM-de kabul edilendigini mälim edýär. 346 deputatyň gatnaşan sese goýulşykda, 287 deputat teklibi kabul etdi, 55 deputat teklibi ret etdi, 4 deputat bolsa ses bermekden saklandy.

Sabah gazedi: "Milli Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn Yrakda" söz başyly habarynda, Milli Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy Ibrahim Kalynyň düýn Yragyň prezidenti Abdullatif Reşid we Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudani bilen duşuşyk geçirendigini beýan edýär. Geçirilen duşuşyklarda terror guramalary PKK we DAIŞ-e garşy göreşde edilip bilinjek umumy ädimler we bu meselede edilýän hyzmatdaşlygyň dowam edilmegi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Star gazedi: "Kremliň Türkiye bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskowyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak saparynyň taýarlyk tapgyrynyň dowam edýändigini belläp: "Russiýa bilen Türkiyäniň arasynda ýokary derejeli saparlar gün tertipde" diýendigini aýan edýär.

Watan gazedi: "Ministr Baýraktar BAE-niň maýa goýum ministri bilen duşuşdy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň düýn BAE-niň maýa goýum ministri Muhammed Hasan as-Suweýdi bilen energetika ugrunda hyzmatdaşlyk bilen bagly ýol kartasyny maslahatlaşandygyny beýan edýär.

Alparslan Baýraktar X sosial media hasabyndan beren beýanatynda, BAE-niň maýa goýum ministri Muhammed Hasan as-Suweýdi bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşandygyny aýdyp: "Energetika pudagyndaky täze taslamalar bilen gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendireris we sebitleýin hyzmatdaşlygymyzy hasam ösdüreris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Baýraktar TB3 SİHA 26-njy Uçuşyny Üstünlikli Ýagdaýda Tamamlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gresiýa Harby Goşunda Özgertmeler Eder