Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Prezident Erdogan: Görlen degişli çäreler bazarlara oňyn täsirini ýetirýär” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn beren beýannamasynda, görlen degişli çäreleriň bazarlara oňyn täsirini ýetirýändigine ünsi çekendigini ýazýar. Erdogan “İş güýjüniň oktýabr aýyndaky görkezijileri dogry syýasat alyp barýandygymyzy görkezýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Gabarda günde 30 müň barrel nebit öndürilýär” söz başyly habarynda, Türkiýe nebitleri anonim şärikligi TPAO, Gabarda günde nebit önümçiliginiň 30 müň barrele ýetendigini mälim edendigini nygtaýar. TPAO tarapyndan sosial mediada berlen habarnamada “Şyrnagyň Gabar dagy etrapçasynda, Şehit Esma Çewik we Şehit Aýbüke Ýalçyn giňişliginde açylan jemi 23 guýuda günde 30 müň barrel önüm öndürmäge başladyk” diýilýär.

“Sabah” gazeti, “Şimşek: İşsizleriň sany soňky 11 ýylyň iň pes derejesi bolan 8,5 göterime çenli aşaklady” söz başyly habarynda, Gaza we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň, oktýabr aýynda işsizleriň sanynyň soňky 11 ýylyň iň pes derejesi bolan 8,5 göterime çenli aşaklandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Şemşek “Alyp barýan syýasatlarymyzyň netijelerini her gün görýäris”diýdi.

“Star” gazeti “Türk awiasiýa taryhynda täze rekord” söz başyly habarynda, ýerli we milli mümkinçilikler bilen Baýkar firmasy tarapyndan öndürlen türk tehnalogiýa gudraty Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň täze rekord goýandygyny habar berýär. Türk awiasiýa taryhynda ilkinji gezek Baýraktar TB2 SİHA 750 müň uçuş sagadyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady.

“Haber Türk” gazeti, “Mardinde deňiz janlylaryň şekilleri bolan mozaika tapyldy” söz başyly habarynda, Mardiniň Kyzyltepe etrabynda geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde Rim döwründe degişli willanyň galyndylarynda deňiz janlylaryň şekilleri bolan mozainanyň tapylandygyny mälim edýär. Mardin muzeýiniň müdüri we gazuw-agtaryş toparynyň başlygy Abdulgani Tarkan, Witantiýa we giçki Rim döwrüne degişli mozaikalaryň muzeýde sergilenjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny