Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Şu tomus Yrak serhedinde terrory ortadan aýyrarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda serhetlerimiziň düýbünde terroristanyň gurulmagyna ýol berilmejekdigini nygtap; “Yrak serhedimizi howpsuzlyk astyna aljak aýlaw tamamlanyp barýar. Şu tomus Yrak bilen serhedimizdäki meseleleri çözeris” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Güleriň terrorizme garşy göreş boýunça ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň terrorizme garşy göreşde egilşik edilmejekdigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Güler: “Ýakyn gelejekde terror guramasyny aksiýa ukybyny doly ýok etmek üçin gözümiziň görmedik, aýagymyzyň degmedik ýeri galmaz” diýdi.

“Star” gazeti “Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary dost ýurtda ulanylar” söz başyly habarynda, “Baýkar” firmasynyň baş Müdiri Haluk Baýraktaryň “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň Albaniýanyň harby goşunynyň inwentaryna goşulandygyny beýan edip; “Şeýlelikde Albaniýanyň harby goşuny inwentaryna ilkinji gezek NATO-nuň ülňülerindäki howa goranyş ulagyny goşdy” diýendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türk lirasy bilen daşary söwda ýylyň iki aýynda 210 milliard lira golaýlady” söz başyly habarynda, türk lirasy bilen daşary söwdanyň ýylyň iki aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 39,4 göterim ýokarlap, 207,7 milliard lira barabar bolandygyny ýazýar. Ýylyň birinji aýynda 164, fewral aýynda bolsa 168 ýurda türk lirasy bilen eksport edildi.

“Haber Türk” gazeti “Nemesleriň tomus dynç alyşynda Türkiýe birinji orunda” söz başyly habarynda, şu ýyl tomusky dynç alyş üçin Germaniýaadan iň köp rezerwasiýa edilen 10 dynç alyş ýeriniň hatarynda Türkiýäniň İspaniýadan öňe geçip, birinji orny eýeländigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny