Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Gazada soňky asyryň iň pajygaly gyrgynçylyklaryndan biri edilýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gazada soňky asyryň iň pajygaly gyrgynçylyklaryndan biriniň başdan geçirilýändigini beýan edip; “Halkara guramalary Gazada synagdan ýene-de geçip bilmediler. Bu meselede musulman dünýäsi hem tamany ödemedi” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Güler: Terrorizme garşy göreşimiz egilşiksiz dowam eder” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň “Geçmişde guralan çäkli maksatly we möhli operasiýalaryň ýerine, şu günki günde terroryň ýerinde ýok edilmegi strategiýasy bilen yzgiderli we giň gerimli operasiýalary geçirip, terror guramalaryna uly zarbalar urýarys.

Hiç kim şübbe etmesin, asudalygymyz we howpsuzlygymyz üçin terrorizme garşy göreşimiz egilşiksiz dowam eder” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Grek metbugaty türk goranyş senagatynyň üstünligi hakynda ýazdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň öndürýän ýaraglaryny seljeren grek “in.gr” gazetiniň üns çekiji analiz makala çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “in.gr” Türkiýäniň goranyş senagatynyň önümçiligini ençeme gezek görkezendigini, türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň söweş meýdanlaryndaky ukybynyň bütin dünýäde bilinýändigini ýazdy.

“Star” gazeti “Baýraktar: 2024-nji ýyly açyş ýyly yglan ederis” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkiýäniň dünýäniň iň ösen deňiz burawlaýyş we seismiki gämilerine eýe bolan floty bilen ilkinji 10 ýurduň hatarynda durýandygyny beýan edip; “2024-nji ýyly açyş ýyly yglan ederis” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Germaniýa Russiýadan öňe geçdi” söz başyly habarynda, Antalýada aprel aýyndan soňky döwür üçin rezerwasiýa etdiren nemes syýahatçylarynyň sanynyň 1,5 milliondan geçendigini mälim edýär. nemesler ilkinji gezel hem 4 milliondan geçjekdigi hem-de ruslary yzda galdyrjakdygy çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny