Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Dost ýurduň “Baýraktar TB2” hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň golaýda Albaniýanyň ýaragly güýçleriniň inwentaryna goşuljakdygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Akkuýuda dolandyryş rugsady alyndy” söz başyly habarynda, “Akkuýu Nükleer A.Ş” firmasynyň Ýadro dolandyryş guramasyndan bekediň ilkinji reaktorynyň dolanşyga girizilmegi üçin degişli rugsadyň alynandygyny habar berendigini ýazýar. Berilen rugsat bilen “Akkuýu” atom elektrik bekediniň howpsuz dolandyrylmagyny esaslandyrýan başlandyç, gözegçilik we ulanmaga berme tapgyrlaryna geçiler.

“Hürriýet” gazeti “Uralogly: Kruiz ýolagçy sany boýunça öňde goýlan maksady artykmajy bilen berjaý etdik” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Ulraoglynyň “Portlarymyza gelen kruiz gämileriniň sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä 19,4 göterim artyp, 1167-ä, gelen ýolagçy sany bolsa 51,6 göterim ýokarlap, 1,5 milliondan geçdi. 2023-nji ýyl üçin göz öňünde tutulýan 1,5 million ýolagçy sany noýabr aýynda artykmajy bilen berjaý edildi” diýendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Tekin: Türkiýe üç ugurda-da ähli ýurtlardan ýokarda” söz başyly habarynda, Milli bilim ministri Ýufus Tekiniň Halkara talyp seljeriş maksatnamasynyň 2022-nji ýyl boýunça netijeleri hakynda; “Türkiýe matematika, takyk ylymlar we okaýyş ukyplarynyň seljerilýän ugurlarynyň üçüsinde-de ähli ýurtlardan ortaça bal boýunça ýokarda” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menziliniň ýene-de bir başlangyjy” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň howa ýagdaýlaryna garşy göreşde “2050 doly ortadan aýyrma kepillendirmesiniň” çäginde alyp barýan işleri bilen Halkara howa menzilleri geňşiniň Ýewropa bölegi tarapyndan berilen “Howa menziliniň uglerod akkreditasiýasynyň” şahadatnamalandyryş maksatnamasynda 4-nji derejä eýe bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary