
Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň "Gara deňiz Baltika deňizi ýaly NATO deňizi bolmalydyr" diýip beren beýanatynyň üstünde durup geçdi.
Gara deňiziň umumy deňizdigini aýdan Peskow: "Gara deňiz ähli kenar ýurtlar üçin umumy bir deňizdir. Hyzmatdaşlyk, özara täsir we howpsuzlyk deňizi bolmalydyr. Mundan başgada bölünmez howpsuzlygy bolmalydyr" diýip habar berdi.
Kulebanyň beýanatlarynda gapma-garşylyklaryň bardygyny aýdan Peskow: "Gara deňiz hiç wagt NATO deňizi bolmaz" diýip nygtady.