Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow rus we ukrain wekiliýetleriniň şu gün Türkiýä gitjekdiklerini beýan edip; “Göni gepleşiklere başlanmagy boýunça karara gelinmeginiň özem möhüm netije” diýdi.
Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Russiýa bilen Ukraianyň arasynda Türkiýede dowam etmegine garaşylýan gepleşikler hakynda maglumat berdi.
Gepleşikleri alyp baryjy toparlaryň şu gün Türkiýä gitjekdiklerini aýdan Peskow; “Gepleşiklere şu gün dowam edilme ähtimallygy pes. Wekiliýetler şu gün Türkiýä gidýär. Teoriki taýdan ertir başlar” diýdi.
Peskow gepleşik tapgyry hakynda garaýyş beýan etmekden çetde durup; “Gönüden gepleşikleriň başlamagyna karar berilmeginiň özem möhüm netije. Emma häzirlikçe gepleşikler hakynda hiç hili maglumat bermezlik syýasatymyzy dowam etdirýäris. Onu gepleşik tapgyryna zyýan ýetirjekdigini pikir edýäris” diýdi.
Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa; “Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gönüden gepleşikler şu gün-ertir Stambulda gaýtadan başlar. Gepleşikleriň üstünlikli netijelenmegini umyt edýäris” diýdi.
