Peskow: "Türkiye biziň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşymyz" diýdi

Peskow: "Türkiye biziň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşymyz" diýdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak saparynda, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ele alynjakdygyny belläp: "Türkiye biziň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşymyz" diýip belledi.

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Moskwada metbugat işgärlerine Wladimir Putiniň şu aý amala aşyrmagyna garaşylýan Türkiye sapary bilen bagly maglumat berdi.

Saparda Türkiyede gaz merkeziniň emele getirilmegi bilen bagly ýol kartasynyň we Türkiye bilen Russiýanyň arasynda bir bankyň döredilmegi ýaly meseleleriň maslahatlaşylyp-maslahatlaşylmajakdygy bilen bagly soraga Peskow: "Ähli bu meseleler gün tertibe getiriler" diýip habar berdi.

Türkiye bilen Russiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklarda ähli ugurlaryň ele alynjakdygyny aýdan Peskow: "Türkiye biziň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşymyz. Şol gatnaşyklaryň ähli ugurlary gün tertibe getiriler" diýip beýan etdi.

Kremliň daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow 29-njy ýanwarda beren beýanatynda, Putiniň Türkiyä gurajak saparynyň fewral aýynda geçirilmegi üçin taýarlyk görülýändigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Kremlde Putiniň doglan gününi nähili geçirjekdigini gürrüň berdiler
Russiýa Pitiniň Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmandygyny aýtdy
Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
Kremlde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň nyşany bilen tanyşdyrylar