Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi

Peskow Türkiye-Russiýa gatnaşyklary barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň yzygiderli ýagdaýda aragatnaşykda bolmaklaryna zerurlygyň bardygyny belläp: "Bu aragatnaşyk iki taraplaýyn gatnaşyklar taýdan möhüm" diýip belledi.

Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleler barada metbugat işgärlerine beýannama berdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Türkiyä guramagy meýilleşdirilen saparyň senesiniň entek dolulygyna kesgitlenmändigini aýdan Peskow, onuň diplomatik kanallaryň üsti bilen kesgitlenjekdigini habar berdi.

Peskow: "Putiniň we Erdoganyň yzygiderli ýagdaýda aragatnaşykda bolmaklary zerur. Ol aragatnaşyk iki taraplaýyn gatnaşyklar taýdan möhüm. Zerur bolan halatynda telefon arkaly söhbetdeş bolup bilýärler" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Goranmak ministriniň orunbasary derňew tapgyrynda tussaglykda saklanar
Russiýada ministriň orunbasary göz tussaglygyna alyndy
Peskow: "ABŞ ünsleri sowmaga synanyşýar" diýdi
Eýranyň Prezidenti 7-nji dekabrda Russiýa barar
Putin Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan etdi
Peskow: "ABŞ-nyň asyl aladasy ukrainalylar däl, amerikalylaryň özleri" diýdi