Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Ukraina meselesiniň çözülmeginde parahatçylyk ýoluna geçmek üçin gerek bolan şertleriň ýokdugyny aýtdy.
Peskow paýtagt Moskwada žurnalistlere beren beýannamasynda, Ukrainaky soňky ýagdaý hakynda durup geçdi.
Hytaýyň Ukraina meselesiniň çözülmegi boýunça Russiýa teklip eden meýilnama hakyndaky soraga jogap beren Peskow, hytaýly kärdeşleriniň garaýyşlaryna sarpa goýandyklaryny aýtdy.
Peskow Ukrainada başladylan “ýörite harby operasiýasynyň” dowam edýändigini nygtap; “Bu sepgitde parahatçylykly ýola geçmek üçin degişli şertler ýüze çykmady. Şol sebäpli Russiýa ýörite harby operasiýanyň dowam etdirilmegi arkaly maksadyna ýetmäge çalyşýar” diýdi.
Ukrainadaky söweşiň aňyrsynda ABŞ-nyň durýandygyna ünsi çeken Peskow; “Resmi Waşington bu söweşiň gutarmagyny islemeýär. Waşington bu söweşi dowam etdirmek üçin elinden geleni eder” diýdi.
