Peýdaly oýun Jenga diňi

Isle ýeke özüň, isle-de köplük bilen oýnap bolýan bu oýunda ilki agaç bölejiklerinden diň ýasamaly.Dörtburç şekilli uzyn agaçlary üç-üçden üst-üstüne her setirini beýlekisiniň keseligine ýerleşdirmeli. Örän gyzykly bolan bu oýun ünslüligi we ukyby talap edýär.

Agaç bölejiklerini kim düzen bolsa, şol hem oýna başlamaly.Köp bolup oýnalýan bolsa, oýunçylar sagat diliniň ugruna görä gezekli-gezegine oýnamaly.Oýunçynyň gezegi gelende, bir tagta bölejigini çekip alyp, ony diňiň üstüne ýerleşdirmeli.

Oýnuň esasy şerti ellän tagtajygyňy almaly we ony diňe bir eliň bilen çekmeli.Iň ýokarky “gatdan” tagta almak bolmaýar.Tagtajyk alnan wagty ýa-da ýokary goýlan wagty diňi kim ýyksa, şol hem ýeňilýär. Ýeňlen oýunçy diňi düzüp bermeli we oýundan çykmaly.

Adatça, bu oýunda 54 tagta bölejigi bolup, olaryň ölçegi 1,5 sm × 2,5 sm × 7,5 sm bolýar. Ýagny her tagtanyň uzynlygy, onuň ininiň üç essesine we galyňlygynyň 5 essesine deň bolýar.

Oýnuň has uly ýa-da kiçi hem-de has köp tagtadan ybarat görnüşleri hem bar.Jenga oýny “Oxford Games Ltd” iňlis şereketiniň esaslandyryjylarynyň biri Lesli Skott tarapyndan 1970-nji ýyllarda döredilýär.

Ol bu oýny çagalyk ýyllarynda Gananyň Sekondi-Takoradi şäherinde ýaşaýan wagty oýnan oýny esasynda döredipdir. “Jenga” sözi hem swahili dilindäki “kujenga” (“gurmak üçin”) sözünden emele gelipdir. 1982-nji ýylda oýnawajyň önümçiligine başlanýar.

Lesli Skott 1983-nji ýylda Londonda geçirilen oýnawaç sergisinde bu oýny “Jenga” ady bilen tanyşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
Türkiyeden ugradylan "Ýagşylyk Otlusy" Owganystana baryp ýetdi
“Çelsi” senegally goragçyny düzümine goşdy
Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy Ýewropa çempionatlarynyň futbol duşuşyklarynyň 12-sini göni ýaýlymda görkezer
UEFA Ýewropa Ligasynyň 4-nji hepdesiniň duşuşyklary geçirildi
UEFA Ýewropa Ligasynda 2-nji hepdäniň duşuşyklary geçirildi