“Pile-Ýigitler Ýoly Taslamasy Gumanitar Maksatly Taslama”

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Pile-Ýigitler ýoly taslamasynyň gumanitar maksatly taslamadygyny aýtdy.

Prezident Tatar, iş sapary bilen Kipra beren BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýewropadan, Orta Aziýadan we Amerikadan jogapkär orunbasary Mirosaw Ýençany kabul etdi.

Prezident Ersin Tatar, kabul edilşikden soň metbugata beren beýannamasynda, Ýençanyň saparynyň, Pile-Ýigitler ýoly taslamasyndan soň BMG bilen DKTR-nyň arasynda dartgynly günleriň başdan geçirilýän günlerine gabat gelendigini, Ýença Pile-Ýigitler ýoly taslamasynyň gumanitar maksatly taslamadygyny we Pilede ýaşaýan halkyň islegini kanagatlandyrmak üçin taýarlanandygyny gürrüň berendiklerini aýtdy.

Ýença, Kiprde 2 tarapy biri-birinden aýyrýan BMG-nyň gözegçiligi astyndaky Ýaşyl zolakda grekleriň durmuşa geçiren işleri hakynda hem gürrüň berendiklerini aýdan Tatar, “Kipriň grek böleginiň Aýa Napa bilen Larnaka ýolynyň başda durmagynda araçäk zolakda guran ýollary, açan uniwersiteti, başga bir zolakda guran söwda merkezi bilen 12 kilometr uzynlygynnda çekilen sime BMG-nyň hiç hili reaksiýa görkezmändigini, emma iki tarapa deňagramly çemeleşmek jogapkärçiligini öz üstüne alan BMG-nyň parahatçylyk güýjüniň Pile ýoly taslamasyna garşy durmagynyň kabul edilmesizdigini giňişleýin gürrüň berdim” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny