Pingwin sürüsi tapyldy

Antarktidadan mundan ozal, bardygy nämälim bolan 1,5 million adeli pingwinleri tapyldy.Scientific Reports (Ylmy hasabatlar) žurnalynda çap edilen makalada pingwinleriň bu görnüşiniň sanynyň azalyp başlandygy çaklanylýardy.

Olaryň adamlaryň aýak basmadyk, maýylganlygyň täsiriniň duýulmaýan ýeri bolan Danger adasyndan tapylandygy mälim edildi.Ylmy barlagçylar adanyň Antarktidanyň demirgazygyndan uzak bolmagy we galyň buzlar bilen örtülendigi sebäpli özlerini daşky täsirlerden gorandygyny aýdýarlar.

Bu sürüleriň Antarktidadaky adeli pingwinleriniň iň uly sürüsidigi habar berilýär.Nýu-Ýorkdaky Stoni Bruk uniwersitetiniň ekologiýa hünärmeni Hiter Linç pingwin sürüsi bilen bagly ilkinji alamatlaryň 2014-nji ýylda tapylandygyny aýdýar.

Linç şol ýyl kosmosdan alnan suratlarda olaryň yzlarynyň görlendigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy Oýunlarda doping-barlag üpjünçilik düzüminiň biridir
25.09.2017 | Türkmenistanyň dopinge garşy agentligi Merkezi Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýär
22.07.2018 | Marynyň çagalar hassahanasy ýokary takyklykdaky kesel anyklaýyş we iň täze bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy
Marynyň çagalar hassahanasy: ösüp gelýän nesliň abadançylygynyň hatyrasyna ýokary ölçegler
Wodorod ýangyçly beket