Ploýeştide ulag we energetika ulgamlarynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Rumyniýanyň Prahowa welaýatynyň administratiw merkezi bolan Ploýeşti şäherinde Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň wajyp wezipelerine bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi. Çäre ýurdumyzyň Ilçihanasynyň we Rumyniýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Nebit we gaz uniwesitetiniň bilelikdäki başlangyjy bilen gurnaldy.

Mejlise Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Rumyniýanyň energetika we daşary işler ministrlikleriniň, şäher häkimliginiň, diplomatik wekilhanalaryň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymar düzümi hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tegelek stola gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika we ulag ulgamlarynda halkara başlangyçlary, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan düzümleýin iri taslamalar bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Interaktiw usulda duşuşygyň tematikasyna degişli Türkmenistanyň gazanan uly möçberli üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.

Mejlisiň jemini jemläp, rumyn tarapynyň wekilleri özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatlaryndan Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklara gyzyklanýandyklaryny nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi
Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri
Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-a goşulmagy boýunça tegelek stol geçirildi
“Ýüzýän” elektrik beketleriniň sany artýar
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar