“Ýüzýän” elektrik beketleriniň sany artýar

Germaniýanyň Silbersee III kölünde kuwwaty 3 MWt bolan Gün elektrik bekedi girizildi.Tegelek şekilli platformalaryň üstünde 5800 sany Gün paneli oturdylypdyr.Bu beket ýylda 3000 MWt elektrik energiýasyny öndürýär we ýylda 1100 tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni alýar.

Bu kölüň ýerinde ozal karýer bar eken.Soňra karýeriň ýerinde emele gelen çöketlik suwdan doldurylyp köl emele gelipdir.Umumy meýdany 1,8 gektar bolan kölüň ýüzündäki elektrik bekedi maý aýynyň ahyryna çenli synag maksady bilen işlediler. Ýurtda arassa energiýa taslamalary hökümet tarapyndan maliýeleşdirilip, dürli ýeňillikden peýdalanýar. Şeýle bolansoň, ýurtda ululy-kiçilik arassa energiýa öndürýän beketleriň sany barha artýar.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda elektrik çalşygy 1000 MWt çenli ýokarlanar
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary Jiddedäki sammitde birnäçe başlangyçlary öňe sürdüler
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar