Polisiýa awtoulaglary Babaarapdaky jerime duralgalaryna ýollaýar we olaryň eýelerinden para alýarlar

Polisiýa awtoulaglary Babaarapdaky jerime duralgalaryna ýollaýar we olaryň eýelerinden para alýarlar

Aşgabadyň golaýyndaky Babaarap obasynda jerime awtoduralgasy bar we ýerli ýaşaýjylar ony “gabawhana” diýip atlandyrýarlar.

Awtoulagy şol duralga äkidilen sürüjiniň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna gürrüň bermegine görä, polisiýa duralgany talamak üçin ulanýar.

Ýol polisiýasynyň wekilleri dürli bahanalar, köplenç bikanun bahana bilen awtoulaglary “gabawhana” ýollaýarlar. Soňra bolsa, olaryň sürüjilerinden awtoulagyny duralgadan kanuna eýermän, wagtyndan öň alyp gitmegi üçin para talap edýärler.

Mysal üçin, ýollarda polisiýa awtoulaglary saýlap saklap, hamana,onuň tölenmedik jerimesiniň bardygyny aýdýar we ulagyny jerime duralgasyna sürmegi buýurýar. Sürüjiler haýsyda bir jerimesiniň ýokdygyny düşündirmäge çalyşýarlar.Hukuk goraýjylar müdirýetden güwänama getirmegi sorap, awtoulagyň häzirlikçe ýörite duralgada saklanjakdygyny aýdýarlar.

Ulaglaryň eýeleri öz maşynyny jerime tölemeden duralgadan alyp gitmek üçin kanun bozmalarynyň ýokdygy, ýol düzgünler barada anna günki leksiýalary diňländigi barada Ýol gözegçilik müdirýetiniň gullugyndan güwanama getirmeli we awtoulagynyň duralgadygy üçin 25 manada golaý (gara bazar’nyrhdan 1 dollardan gowrak) jerime tölemeli.

Hakykatda, kanun bozmalaryň bolup-bolmandygyna garamazdan, ulagy 20 gün soňra duralgadan alyp gitmek mümkin.

Üç hepde çemesi garaşmazlyk we meseläni ýerinde çözmek üçin’polisiýa ýeňil awtoulaga 1000 manat (51 dollar), ýük ulaga 1500 manat (77 dollar) tölemegi soraýar.

Häzir gök-bakja önümleriniň ýetişendigi üçin Aşgabada köpsanly oba hojalyk önümli ýük ulaglary gelýärler.

Paýtagtyň girişinde duran polisiýa olary hem saklaýar we jerime duralgasyna rowana bolmaga’ borçly edýärler.

Köp ýagdaýda sürüjiler para bermegi seçýärler. Çünki, birnäçe ýüz kilometrden getirilen azyklaryň isrip bolmagy ähtimal.

Polisiýa köplenç sowetleriň “Moskwiç”, “Jiguli” we “Niwa” awtoulaglaryny ele salmak üçin Ahal welaýatynyň obalaryna aýlanýarlar.Olary peýdalanmak gadagan.Ýöne, oba ilaty olary ekin meýdanlaryna gatnamak üçin ulanýarlar. Şeýle awtoulaglary para bermeden parkdan almak mümkin däl.Şol sebäpli,olaryň eýeleri jerime tölemäge mejbur bolýarlar.

Şeýle talaňçylykdan ejir çekenler polisiýanyň bu biznesine’ IIM-den gözegçilik edilýändigine ynanýarlar. Şeýle wersiýany Gökdepe şäheriniň ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerinin biri “TH-ne” tassyklap, ýolbaşçylaryň jerime duralgasyna köpräk awtoulag ýollamagy talap edýändigini aýdýar. The post Polisiýa awtoulaglary Babaarapdaky jerime duralgalaryna ýollaýar we olaryň eýelerinden para alýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen kontrazwedkasy sugulçylaryny köpeltmek üçin Türkiýede duşuşyklar geçirýär
Berdimuhamedow Aşgabadyň ýollarynda tertip-düzgüniň üpjün edilmegini tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Marynyň polisiýasy guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýar’