30-njy noýabrda ýitirim bolan Kaka Gurbanow Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýurt uiçindäki wekili bilen aragatnaşyga çykdy. Pensioner telefon arkaly öz ýagdaýynyň gowudygyny aýtdy, emma özüne bolan zatlar barada jikme-jik gürrüň bermekden saklandy.
K.Gurbanow ýitirim bolanyndan soň, AHTI halkara adam hukuklary guramalaryny we köpçülikleýin habar serişdelerini bu wakadan habardar etdi.
Ýatladýarys, öz kwartirasynyň bikanun elinden alnandygy üçin şikaýat eden pensionere hakuk goraýjy edaralaryň wekilleri haýbat atmaga başlady.
Noýabryň aýagynda Aşgabadyň Berkararlyk etrabynyň (Aşgabadyň ozalky Sowet raýony) prokuraturasynda Gurbanowa sülçiniň “Gurbanow meni masgaralady” diýip arza berendigini, basym pensioneriň yzyndan “gandally geljekdiklerini” aýtdylar.
Kaka Gurbanow 30-njy noýabrda telefon jaňlaryna jogap bermegini kesdi.
“Türkmenistanyň Hronikasy” wakalaryň ösüşine syn etmegi dowam etdirýär.
