Ýumurtga we pagta ýagy üçin hem plastik kartalardan tölemeli

15-njy noýabr güni irden Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugryndaky Nusaý dükanyndan irki nobatlarda 5-manatdan satylýan 11-sany ýumurtgadan satyn almaga giden ýaşaýjylar boş geldiler.

Pagta ýagy hem, ýumurtga hem bu dükanda hem beýleki döwlete degişli azyk dükanlarynda hem düýnden başlap plastik kartlardan tölege geçirlipdir.

Pensionerleriň ýokary ýaşlylarynda plastik kartlar ýok. Sebäbi olaryň pensiýalarny öýe nagt pulda getirip berýärler. Ýumurtga nobatyna baran şeýle pensionerlere hem ýumurtga berilmändir.

Biz bilemizok, bize ýokardan Söwda Ministrliginden şeýle görkezme berdiler. Diňe tölegi plastik kartdan töläp bilýän alyja ýumurtga bilen ýag satýarys diýip, pensionerleriň haýyşlarna seretmän olary kowup göýberipdirler.

Plastik kartlary bolan ýaşaýjylaryň hem köpüsi ýumurtga bilen ýag satyn alyp bilmändirler. Sebäbi adamlaryň aglabasy eýýäm pensiýalarny hem, aýlyklarny hem bank kartlaryndan nagtlaşdyryp alypdyrlar. Köp adamlar indiki aýa çenli kartlarynda pul ýokdygyny aýdyýarlar.

Nusaý dükanynyň satyjylary, özlerinde günä ýokdygyny aýdyýarlar. Ýumurtga bilen ýagyň nobatlarny aýyrmak üçin şeýle karary berdiler, biz alaçsyz ýerine ýetirmeli diýip, olar emeldarlaryň bu ediýän oýunlaryny boýun alýarlar. Ýokary ýaşly pensionerleriň pensiýalarnyň öýlerine nagt görnüşde getirip berilýändigini hem ýolbaşçylar bilýärler.

Emma görkezme berilende şeýle pensionerlere nähile ýagdaýda ýumurtga bilen ýagy satyn almaga mümkinçiligi göz öňünde tutman, adamlary kyn ýagdaýda goýdular diýip, pensionerler nägilelik bilen zeýrenýärler.

Nusaý dükanynda şekeriň 1-kilogramy 7-manatdan satuwda dur. Şeker beýleki harytlar bilen dükanyň içinde nagt pula satylýar. Ýumurtga bilen ýag, dükanyň ýeňse tarapynda satylýar we tölegi plastik kartlardan talap ediýärler.

Şeýle ýagdaýyň Aşgabadyň beýleki azyk dükanlarynda hem ýola goýulandygyny alyjylar aýdýarlar.Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň azyk kärhanasyna degişli 70-nji dükanynda bolsa şeker witrinada uzakly güni dur.

Emma ony alyja ir sagat 10-dan soňra satmaýarlar.Ol ýere baran alyjylara şekeri ir ertir sagat 7-den-10-a çenli satmaga görkezme bar diýip, şeker satyn aljak alyjylary boş gaýtarýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda pensiýany almak ýene kynlaşdy, bank kartlaryny täzelemek talap edildi
Demir Ýetmezçiligi Anemiýasy
Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy
Aşgabatda öýlere iýmit paýlandy, Maryda çörek almak üçin nobatlar we ýakalaşyklar döreýär
Hytaýda 66 Millionlyk Dinozawr Embriosy Tapyldy
Göz gurulygy we onuň bejergi usullary
Kenarýaka şäheriň mekdep okuwçylary milli taslama bäsleşigine taýýarlyk görýärler