Türkmenabat şäherinde täze onlaýn market işläp başlady

Türkmenabat şäherinde täze onlaýn market işläp başlady

Şu gün Türkmenabat şäherinde täze onlaýn market işläp başlady. Telekeçi Alym Joraýew tarapyndan açylan market Sebet diýlip atlandyrylýar. Bu telekeçiniň Her gün haryt nyşanly önümleri tutuş ýurdumyzda meşhurdyr.

― Onlaýn marketiň düýbi, aslynda, geçen ýylyň awgust aýynda tutuldy. Şondan bäri ony synag tapgyrlarynyň birnäçesinden geçirdik. Owadan günde ― 22.02.2022-de bolsa ony resmi taýdan işe girizdik ― diýip, hususyýetçi gürrüň berýär.

Sebet onlaýn marketi, häzirlikçe, diňe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Täze hyzmatyň höweslendiriş çäreleri ilkinji günlerde onuň müşderilerini hem artdyrdy. Şeýle çäreleriň hatarynda ilkinji 500 müşderä Choco Love süýjüsiniň 500 gramynyň sowgat berilmegini, 150 manatlyk söwda eden müşderilere bolsa satyn alan harytlary mugt eltilip berilýär.

Täze hyzmatyň ilkinji günlerinde azyk önümleri we tämizlik serişdeleri eltilip berilýär. Olaryň bahalarynyň elýeterlidigini hem aýtmak gerek. Ýumurtga, et ýaly gündelik ulanylýan azyk önümleri bolsa bazar bahasyndan hem ep-esli arzan.

Sebet onlaýn marketiniň hyzmatlarynyň gerimi geljekde has hem giňeldiler. Ýakyn wagtlarda Türkmenabada goňşy etraplara, biraz soňrak bolsa tutuş welaýata hyzmat etmek meýilleşdirilýär. Ilkinji müşderiler Sebediň hyzmatlaryndan hoşal.

Sebet onlaýn marketini Play marketden we App Storeden telefonlarymyza mugt ýükläp alyp bolýar. Şeýle hem sebet.online web saýty ugurdaş hyzmatlary berýär. Sebede agza bolmak arkaly ähli hyzmatlaryndan peýdalanyp bolar. Müşderileriň isleglerini çalt ýerine ýetirmek we ýokary hilli önümleri öýüne çenli getirip bermek Sebediň hünärmenleriniň esasy maksady.

Ýene degişli makalalar

Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Çarwadarlaryň Oskary
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
“Tomb Raider 2” filminiň režissýory belli boldy
Ýylyň iň gowy 10 filmi