Polşa Wengriýanyň Russiýa bilen bagly syýasatyny tankyt etdi

Polşa Wengriýanyň Russiýa bilen bagly syýasatyny tankyt etdi

Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda ýerli telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Wengriýany Ukrainany goldamaýandygy we Russiýa garşy çäre görmeýändigi sebäpli tankyt edip: "Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy, müňlerçe bigünä adamyň ölümi we halkara hukuga görä harby jenaýaty emele getirýän bombaly hüjümleri göz öňünde tutulanda, Wengriýanyň pozisiýasyna düşünmek meniň üçin kyn. Bu syýasat Wengriýa üçin örän agyr bolar" diýip nygtady.

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň, Wengriýadan ýurduna ýarag geçirilmegine rugsat berilmegi we Russiýa garşy tebigy gaz we nebit sanksiýalaryny goldamak baradaky talabyny ret edipdi.

Premýer ministrligiň Metbugat ofisiniň Baş sekretary Bertalan Hawasi, Wenger habarlar agentligine beren beýanatynda, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň Ýewropa Bileleşiginiň Liderler maslahatynda Wengriýadan Russiýa garşy girizilen energiýa sanksiýalaryna goldaw bermegini we Ukraina ugradyljak ýaraglaryň geçirilişine rugsat bermegini talap edendigini, emma Wengriýanyň bähbitlerine ters gelýändigi üçin Premýer ministr Wiktor Orbanyň şol talaplary ret edendigini mälim edipdi.

Wengriýa tebigy gazyň we nebitiň uly böleginiň Russiýadan ugradylýandygyna, ýurtdaky maşgalalaryň 85 göteriminiň tebigy gaz bilen ýylanýandygyna ünsleri çeken Hawasi, şu günki güne çenli bolşy ýaly, mundan soň hem Russiýa garşy energiýa sanksiýalaryna garşy durjakdygyny beýan edipdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Wengriýanyň 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly çemeleşmesine nägilelik bildiripdi we wenger hökümetinden ýurduna goldaw berilmegini isläpdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky Pasha baýramy mynasybetli ýaraşyk möhleti tamamlandy
“Rus nebiti üçin tölenen her dollar urşa giden puldyr”
Ukraina Saud Arabystany, Katar we Birleşen Arap Emirlikleri bilen dron şertnamasyny baglaşdy
Russiýanyň Ukraina guran soňky hüjümlerinde onlarça adam ýaralandy
Ukraina Russiýanyň ot açmagy bes etmek teklibi barada ABŞ-dan düşündiriş islär
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň möhüm portunyň golaýynda iki sany tankere hüjüm etdi
Ukraina Russiýanyň harby gämilerine hüjüm etdi; UHU hüjümlerinde azyndan sekiz adam öldi