Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär

Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşmaga dovam edýär

Russiýa Ukraina bilen täze ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde185 ýesiriň çalşylandygyny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden anna güni berlen beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň ady agzalýan ýesir çalşygyna tövellaçylyk edendigi nygtaldy.

Beýannamada, rus esgerleriniň Belarusa barandygy ve Russiýanyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Ýana Lantratovanyň esgerlere ýoldaşlyk edýändigi bellenildi.

Beýannamada boşadylan ýesirleriň Belarusda saglyk gözegçiliginden geçiriljekdigi ve Russiýa ugradyljakdygy ýatladyldy.

Ýokary derejeli ukrainaly ýolbaşçylar ýesir çalşygy üçin taýarlyklaryň soňky hepdelerde başlandygyny nygtady.

Taraplar Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý 4 ýyldan bäri dovam edýän çaknyşygyň bes edilmegi üçin rus kärdeşi Vladimir Putine iki çäk duşuşyk geçirmegi teklip etmeginden bir gün soň ýesirlerini çalyşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 5-nji iýunda Ukraina tarapyndan 185 rus esgeriniň boşadylandygyny övezinde Russiýa tarapyndan hem ukrainaly 185 esgeriň boşadylandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümler dowam edýär
Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
Ukrainanyň Luganskda guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
ABŞ Ukraina 373 million dollarlyk ýarag satar
ABŞ Ukraina 108,1 million dollarlyk Hawk raketa ulgamlaryny satar