ABŞ Ukraina 373 million dollarlyk ýarag satar

ABŞ Ukraina 373 million dollarlyk ýarag satar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ukraina GPS bilen dolandyrylýan bombalary hem öz içine alýan 373,6 million dollarlyk ýarag satuwyny tassyklandygyny mälim etdi.

Döwlet sekretarlygy tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada, 373,6 million dollarlyk ýarag satuwynyň ätiýaçdaky şaýlary we logistiki goldawy hem öz içine alýandygy bellenildi.

Beýannamada teklip edilen satuwyň Ýewropada syýasy durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň dowam etdirilmegine we ABŞ-nyň ýarany bolan ýurduň howpsuzlygyna goldaw berýändigini görkezýändigi nygtaldy.

Ýarag satuwynyň Ukrainanyň howa goranyş ugamlary bilen üpjün edilmegi, abanýan howplara we geljekde abanyp biljek howplara garşy özüni goramak we sebitiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigi bellenildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada satuwyň sebitiň harby deňagramlylygyna zeper ýetirmejekdigi nygtaldy.

Beýannamada “Bu satuw ABŞ-nyň goranyş taýarlygyna ýaramaz täsirini ýetirmez” diýildi.

ABŞ Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan söweşden soň Ukraina jemi 187 million dollarlyk harby we ynsanperwer kömegini berdi.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna
Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi
Garabagda ermeni ýaragly toparlar ýolagçy uçarlary nyşana alýarlar
Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy
Žiraflara GPS nawigator dakyldy