Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy

Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy

Keniýanyň günorta-günbataryndaky goraghanada saklanýan žiraflaryň 25-sine GPS nawigatorlar dakyldy diýip, Habar 24 ýazýar. Bu barha azalýan haýwanlary goramakda kömek eder diýip, hünärmenler aýdýarlar.

Başlangyç bütin ýurtda žiraflaryň ýaşaýan çäklerini öwrenmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Alnan maglumatlar soňra süýdemdirijileri gorap saklamak üçin işlerde peýdalanylar.

Sebäbi 90-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri žiraflaryň sany 80 göterime golaý azaldy.

Mukami Roro, weterinar: - Ýurtda žiraflaryň sany gitdigiçe azalýar. Muňa howanyň üýtgemegi sebäp bolýar. Gurak howa şertleri olaryň adamlaryň ýaşaýan çäklerine göç etmegine getirýär. Ol ýerde žiraflar dürli howplardyr duzaklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýene degişli makalalar

Žiraflara GPS nawigator dakyldy
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna
Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi
Garabagda ermeni ýaragly toparlar ýolagçy uçarlary nyşana alýarlar
Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy, Türkmenistan we Türkiýe goranyş senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler, Aşgabatda ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady we beýleki habarlar