Pomidor

Pomidor

Dünýäde bolşy ýaly türk aşhanasynda-da giňden sarp edilýän bakja önümlernden biri pomidor.

Hat-da türk aşgahanasynda “Sogan bilen domado gowur, soň içine näme goşsaň, şonuň nahary bolar” dilýän önümlerden biri. Ene ýurdy Orta we Günorta Amerika bolan pomidor 16-njy asyrda Meksikadan Ýewropa getirilýär. Ortaýer deňizi sebitinde we Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlarda ýaýbaňlanmagynda türk täjirleriniň paýy uly bolupdyr.

Düzüminde ýokary derejede A, E we J witaminleri, kaliý ýaly ençeme minerallar we ösümli süými bilen likopin, beta-karotin we flawonoidler bilen pomir, ençeme kesellerden goraýyjy özbolyşlyga eýe.Dünýäde näçe görnüşli pomidoryň bardygy bilinmeýär.

Türkiýede-de dürli görnüşleriniň önümçiligi ýylsaýyn artýar.Parnikde we açyk ekin meýdanlarynda öndürilýän, ýerde we dikligine ösdürilýän, ter we gaýtadan işlenen görnüşlerde satylýan pomidor dürli görnüşlerde sarp edilýär.

Pomidor öndürmekde dünýä boýunça dördünji orny eýeleýän Türkiýe, esasan ter pomidor eksport edýän bäşinji we tomat eksport etmekde üçünji orny eýeleýär. Onlarça görnüşli ýerli pomidor bilen baýrakly orunlary eýelän Türkiýä gelýän syýahatçylar, ýurtlarynda dolanyp barandan soň, iýen pomidorlarynyň ajaýyp tagamyna ýokary baha berýärler.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär
Türkmenistan Gyrgyzystana $6,6 millionlyk pomidor eksport etdi
Türkmen telekeçilerine pensiýa gatançlaryny tölemek döwri hakynda ýatladylýar, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy zenanlar üçin iş orunlaryny döretdi we beýleki habarlar
Iň oňat şähdiňi açýan gök önüm agzaldy
Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny
Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy. Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi