Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy. Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi

Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy. Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi

27-nji aprelde “Rosselhoznadzoryň” RF-niň Orenburg welaýatyndaky müdirýeti Türkmenistanyň Ahal welaýatyndan iki tapgyrda getirilen 18 tonna pomidorlardan ýeralma gurçugyny tapdy diýip edara habar berýär.

Şol pomidorlar Türkmenistanyň sanepidemologiýa edarasynyň sertifikati bilen Russiýa getirilen hem bolsa, rus edarasynyň geçiren barlagynda pomidorlardan howply karantin jandaryny-(Phthorimaea operculella (Zeller)) gurçugyny janly ýagdaýda tapdylar.

Netijede, Russiýa önümleri getirmek gadagan edildi, günäkärler RF-niň AK-niň 10.2 maddasy boýunça edara jogapkärçiligine çekildi.

Iki aý mundan owal 5-nji martda “Rosselhoznadzor” Türkmenistandan getirilýän pomidorlara we burçlara ähli çäklendirmeleri ýatyrypdy. Haçanda, şol ýurtlaryň guramalary RF-niň fitosanitar talaplary boýunça kanun bozmalara ýol bermezlik üçin kabul edilen çäreler barada maglumat berenden soňra bu barada karara gelinipdi.

2022-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda “Rosselhoznadzor” üç sany türkmen kärhanasyna “Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň ösümlik karantini döwlet gullugynyň we daşky gurşawy goramak ministrliginiň kepilleri boýunça” Russiýa pomidor getirmäge rugsat edildi diýip edaranyň saýtynda habar berilýär.

“Bu karar türkmen tarapynyň hödürlän Türkmenistanyň çäginde pomidor ösdürip ýetişdirýän kärhanalara fitosanitar gözegçiliginiň netijelerinden soň kabul edildi” diýlip nygtalýar.

10-njy dekabrda “Rosselhoznadzor” 88 sany türkmen kärhanasyna Russiýa pomidor we burç getirmäge rugsat beripdi.

Aşgabatdan, Mary, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan Russiýa pomidor we burç getirmäge gadaganlyk haçanda,olaryň pomidorlaryndan goňur-gyrmyzy wirus tapylandan soňra, 2021-nji ýylyň aprelinde girizilipdi.

Geçen iki ýylda esasy bol hasylly pomidor Türkmenistanyň eksport önümi bolupdy.

Pomidor ösdürilip ýetişdirilýän goraghanalaryň gurluşygyna öňki wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edipdi.The post Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy.

Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi
Türkmenistandan Russiýa eksport edilen dokuz tonna pomidorda zyýankeş güýe tapyldy, ýene-de
Russiýa Türkmenistana ISTA güwänamaly güýzlük bugdaýyň tohumyny eksport edýär
Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler
Rostow sebitinden Türkmenistana külke balyklarynyň uly tapgyry iberildi