Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi

Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi

Türkmenistana Perm sebitinden Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry, ýagny 3600 sanysy Rosselhoznadzoryň sebit edarasynyň gözegçiligi astynda iberildi diýlip, federal gullugyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Habarda eksport edilen önümleriň Rosselhoznadzora tabyn bolan VNIIKR Federal Döwlet Býudjet Institutynyň Perm bölüminde laboratoriýa gözegçiliginden üstünlikli geçendigi, netijede bolsa pürli önümleriň eýesine 3 sany fitosanitar şahadatnamasynyň berlendigi aýdylýar.

Ýakyn wagtda Perm sebitinden Täze ýyl arçalarynyň nobatdaky tapgyrynyň Türkmenistana, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tula, Týumen, Orenburg, Krasnodar we Stawropol ýaly sebitlerine iberiljekdigi habar berilýär.

Umuman, noýabr aýynyň başyndan bäri 20 müňden gowrak Täze ýyl arçasynyň Rosselhoznadzoryň gözegçiliginden üstünlikli geçendigi, ähli önümleriň ösümlik karantiniň düzgünlerine we kadalaryna laýyk gelýändigi habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Russiýa Türkmenistana ISTA güwänamaly güýzlük bugdaýyň tohumyny eksport edýär
Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy. Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi
Türkmenistandan Russiýa eksport edilen dokuz tonna pomidorda zyýankeş güýe tapyldy, ýene-de
Türkmenistana bir aýda Stawropol sebitinden 405,6 tonna un eksport edildi
Rostow sebitinden Türkmenistana külke balyklarynyň uly tapgyry iberildi