Türkmenistandan Russiýa eksport edilen dokuz tonna pomidorda zyýankeş güýe tapyldy, ýene-de

Türkmenistandan Russiýa eksport edilen dokuz tonna pomidorda zyýankeş güýe tapyldy, ýene-de

Russiýanyň oba hojalyk gözegçisi “Rosselhoznadzor” 22-nji aprelde geçiren fitosanitariýa barlagynda Türkmenistandan getirilen dokuz tonna pomidorda zyýankeş mör-möjekleri anyklady.Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Russiýanyň oba hojalyk edarasyna salgylanyp habar berýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary gök-bakja önümleriniň täze hasylynyň ýerli bazarlarda peýda bolýan mahaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilat arasynda içgeçme keseliniň köpelýändigini habar berýärler. Ýerli agronomlar oba hojalyk ekinlerine ideg işlerinde zyýankeşlere we mör-möjeklere garşy göreşmegiň ähmiýetine ünsi çekýärler.

Russiýanyň oba hojalyk gözegçisiniň Moskwa we Tula sebitleri boýunça bölümi soňky aýlarda Russiýa ugry boýunça gök-bakja önümleriniň eksportyny artdyran Türkmenistandan getirilen dokuz tonna pomidorda Günorta Amerikanyň pomidor güýesini (Tuta absoluta) tapdy. Munuň yz ýany, zyýanly pomidorlar ýok edildi.

“Rosselhoznadzor” türkmen önümleriniň fitosanaitariýa barlaglarynda mundan ozal hem birnäçe gezek zyýanly mör-möjekleri anyklapdy.

Oba hojalyk gözegçisiniň Orenburg sebiti boýunça bölümi şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrlarynda Türkmenistandan getirilen 18 tonna pomidorda ýeralma güýesini tapdy.

Russiýa 2021-nji ýylyň aprelinde fitosanitariýa aladalaryna esaslanyp, Türkmenistandan gök-bakja önümleriniň import edilmegine gadaganlyk girizdi. Ýöne Russiýa Ukraina esassyz goşun girizmeginiň yz ýany, halkara sanksiýalara sezewar bolan Moskwa 2022-nji ýylyň martynda bu gadagançylygy ýatyrdy. Gadaganlygyň ýatyrylmagy türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň fitosanitariýa talaplaryny berjaý etmegi bilen ilteşdirildi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler Türkmenbaşy şäherinde içgeçme keseli bilen keselhanalara barýan adamlaryň köpelýändigini habar berýär. Maglumata görä, hünärmenler bu ýagdaýy gök-bakja önümleriniň täze hasylynyň ýerli bazarlarda peýda bolup başlamagy bilen ilteşdirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli synçylar Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerinde zyýankeşleriň köpelmegini daşary ýurtlardan import edilýän gök-bakja önümleriniň ýurduň gümrük nokatlarynda talabalaýyk barlanmazlygy bilen düşündirýärler.

“Söwdagärler daşary ýurtlardan import edilýän gök-bakja önümlerini “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna para berip, ýurduň çägine girizmegi başarýarlar. Netijede, Türkmenistanda öndürilýän gök-bakja önümlerinde hem dürli görnüşli zyýankeşler we mör-möjekler köpelýär” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça resmi kommentariý alyp bilmedi.

Ýerli agronomlar gök-bakja önümleriniň ideg işlerinde zyýankeş mör-möjeklere garşy göreşmegiň ähmiýetine ünsi çekýärler.

“Soňky ýyllarda ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilýän gawun-garpyzlarda, pomidorlarda we beýleki oba hojalyk önümlerinde zyýankeş kebelekleriň we beýleki mör-möjekleriň köpelmegi türkmen daýhanlarynyň ýetişdirýän gök-bakja önümleriniň daşary ýurt döwletlerine eksport edilmegine ýaramaz täsir edýär” diýip, ýerli oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti oba hojalyk ekinlerine ideg işlerinde zyýankeş mör-möjeklere garşy barlyşyksyz göreşilýändigini aýdýar. Türkmenistanda prezidentiň karary bilen zyýankeşlere, şol sanda çekirtgelere we beýleki mör-möjeklere hem-de haşal otlara garşy himiki derman serişdeleri satyn alynýar.

2021-nji ýylyň iýunynda Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi hem fitosanitariýa aladalaryna salgylanyp, Türkmenistandan pomidor we burç import edilmegine gadagançylyk girizdi.

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri daşary ýurtlara eksport edilýän gök-bakja önümlerinde karantin organizmleriniň, şol sanda zyýankeş mör-möjekleriň tapylmagy baradaky habarlar boýunça beýanat bermeýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça Federal gullugy 2023-nji ýylyň ýanwarynda ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek baradaky Teswirnama gol çekdiler.

Maglumat üçin aýtsak, fitosanitariýa ösümlikler üçin zyýanly organizmleriň ýaýramagy we köpelmegi bilen bagly ýüze çykýan töwekgelçiliklerden goranmaga gönükdirilen ylmy esasly çäreleriň tejribede ulanylmagydyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli agronomlar türkmen hökümetini oba hojalyk işini dünýä ülňülerine laýyklykda alyp barmaga, bu ugurda maýa goýmaga, telekeçileri we daýhan hojalyklary goldamaga çagyrýarlar.

“Döwlet oba hojalyk önümleriniň importyny doly çäklendirmeli, gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin telekeçileri we daýhanlary maliýe taýdan goldamaly. Dünýä ülňülerine gabat gelýän önümleri öndürmek maksady bilen, bu işe gatnaşýan ähli taraplary goldamaly” diýip, ýerli hünärmenler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Synçylar oba hojalyk pudagyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi
Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy. Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi
Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Russiýa Türkmenistana ISTA güwänamaly güýzlük bugdaýyň tohumyny eksport edýär
Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmen gök we miwe önümleriniň Russiýa eksporty 30% artdy